- möwsüm
- Belli bir pasyl, wagt aralygy, döwür.∙ Bahar öz möwsümüni paýawlady, tomsuň ýandyryjy jöwzal yssysy başlady. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)∙ Ekinleriň we bag-bakjalaryň hasyllarynyň biri-biriniň yzyndan bişip ýetişişi ýaly, olar biri-biriniň yzyndan her haýsy öz möwsümini sowup, eňňere bolup başladylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)∙ Ýygym möwsümi pagtaçylyk işiniň aýratyn jogapkärli aýgytlaýjy möwsümi bolýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)◊ möwsümini sowmak — Gezegini nobatyny geçirmek.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.